Köňüllerde ebedi orun alan beýik akyldar

5 Iýun 2024
205

Türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna giren edebi mirasy dünýä halklarynyň dillerinde müdimi aýdym bolup ýaňlanýar. Asyrlaryň owazy bolup, üç asyr bäri ýaňlanyp gelýän aýdym köňüllerde ebedi orun aldy. Ýakynda türkmen, rus, iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde çapdan çykan «Magtymguly» atly kitap — beýik söz ussadynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy dana şahyra hormatyň nyşany bolmak bilen, türkmen okyjylary bilen birlikde, daşary ýurtly çeper döredijilige sarpa goýýanlar üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Täze kitabyň welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy munuň subutnamasyna öwrüldi.

Muhammetmyrat Öwezow,
«Balkan».