Döwrüň talabyndan ugur alyp

5 Iýun 2024
128

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän, bellenen döwürde anyk wezipeleri öňde goýýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine badalga berýär. Häzirki ajaýyp günlerimizde hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan» ugur alnyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda tutumly işler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berlip, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ähli pudaklaryň depginli ösüşini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly taryha buýsanja, Watana söýgä ýugrulan nusgalyk eserleri bolsa şeýle ajaýyp günlerde bize täze belentliklere ýetmekde ruhy goldaw bolýar.

Watany beýgeltmek, onuň kuwwatyna kuwwat goşmak parz hem mukaddes işdir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady we syýasy özgerişler bilen deň hatarda, jemgyýetimizde ruhy täzeleniş, aň öwrülişigi amala aşyrylýar. Islendik syýasat oňa ynanýan, uýýan, ony goldamaga, durmuşa geçirmäge ukyply, hakyky watansöýüjileriň bolan halatynda has-da rowaçlanýar. Türkmen halky gadymy taryhyndan şu güne çenli zähmetsöýerligi, Watana wepalylygy, parahatçylyk söýüjiligi, erkin, azat ýaşamagy ähli zatdan ileri tutýandygy bilen özüni dünýä tanadypdyr. Pederlerimiziň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten asylly ýol-ýörelgelerine, däp-dessurlaryna belent sarpa goýmak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygy, agzybirligi, jebisligi ugrunda alnyp barylýan beýik işlere öz zähmetimiz, işjeňligimiz bilen jogap bermek biziň her birimiziň gaýragoýulmasyz borjumyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldaw-hemaýatyndan ruhlanyp, kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri hem döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Abdylla Annaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.