Çagalaryň hukuk kepillikleri

5 Iýun 2024
87

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip bellenendir. Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Şonuň ýaly-da, çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary, jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri we kadalary, jemgyýetçilik hem-de döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir. Kanunyň 4-nji maddasynda ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dine garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirýändigi beýan edilýär.

Medine Baýramowa,
welaýat raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň iş ýöredijisi.