Ajaýyp döwre zynat «Arkadagly nesiller»

5 Iýun 2024
144

Ýaş nesilleriň bagtyýarlygyny, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünliklere beslenýän durmuş ugurly döwlet syýasatynda esasy maksatlaryň biridir. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň ulanylyşa tabşyrylmagy şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola tassyklady.

Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşamak, olaryň ýagşy arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin ähli tagallalary etmek halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen mizemez durmuş ýörelgesidir. Bu ýörelge türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, oňyn başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda mazmun baýlygyna eýe bolýar. Şeýle nusgalyk aladanyň akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän etrabyň merkezinde durmuşa geçirilen medeni-durmuş maksatly bu taslamada öz mynasyp beýanyny tapandygyny nygtamak buýsançlydyr.

Nurmämmet Hydyrow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».