Täzelikler

5 Iýun 2024
107

Türkmenabat şäherindäki Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan demir-beton önümleriniň, harytlyk betonyň, derýa çägesiniňdir keramzidiň öndürilişi barha artdyrylýar.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda hem gurnama demirbeton önümleriniň 11 müň 97 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,15 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini 109,16 göterime ýetirildi. Şeýle-de bu döwürde harytlyk betonyň 255 kub metri, derýa çägesiniň 20 müň 161 kub metri, keramzidiň bolsa 7 müň 112 kub metri öndürildi.