Ak şäherim Aşgabat

5 Iýun 2024
118

Täze taryhy eýýamymyzda ak şäherimiz Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-aladasy, külli il-ulsumyzyň söýgüsi bilen barha owadan keşbe girýär. Çünki paýtagt ýurduň ýüregi hasaplanylýar. Şeýle bolansoň ýurduň paýtagtynyň owadan binalara beslenmegi, ilatyň ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin iň bir amatly şäher gurşawyna eýe bolmagy, ýurduň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriniň görkezijisi hökmündäki aýratynlyklar bilen dünýä tanalmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Bu günki gün gözel paýtagtymyz dünýäniň merjen şäheri hökmünde görenleri haýrana goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen paýtagt şäherimiz Aşgabat öz gözellikleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna iň köp girizilen şäherleriň biridir.

Gözel ÝAZMUHAMMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.