Döwürleriň şahyry

4 Iýun 2024
169

Döwür-döwran aýlanyp, asyrlar geçse-de, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary öz gymmatyny ýitirmeýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dowamatlylygy, onuň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekde, özygtyýarly Watanymyzyň geljekki ykbaly babatda ägirt uly jogapkärçiligini duýmaklaryny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada hem bellenilýär. Akyldar şahyryň geljek nesillere goýup giden baý medeni mirasy häzirki wagtda umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilendir. Şahyryň eserleri dünýäniň onlarça diline terjime edildi we aýry neşirler görnüşinde çap boldy. Ýakynda şahyryň şanly senesi mynasybetli «Magtymguly» atly kitaby — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysy çapdan çykdy. Ýygyndy türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi.

Akyldaryň eserleri, gymmatly pikirleri ýurdumyzyň çäklerinden has uzaklarda, beýleki halklaryň arasynda hem giňden meşhurdyr. Türkmen şahyrynyň dürli ýurtlarda, şol sanda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada ýadygärlikleriniň oturdylmagy söz sungatyna goýulýan hormatdan nyşandyr. 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtgtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylmagy beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň esasy wakalarynyň biri boldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmeniň beýik söz ussadynyň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir.