AŞGABAT: GEÇMIŞDEN GELJEGE UZAÝAN GÖZELLIK

4 Iýun 2024
451

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbini mundan beýläk-de özgertmek, ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny, paýtagtyň jemagat hojalygyny ösdürmek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda, ýokary we orta okuw mekdepleriniň edara binalaryny, ýaşaýyş jaý we seýilgäh toplumlarynyň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň we beýleki ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň guruljakdygy döwletiň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky alada durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugrudygynyň tassyknamasy bolup durýar. Paýtagtyň giň möçberli mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutmak bilen, şäheri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazary, döwlete dahylsyz bölegiň kiçi we orta möçberli kärhanalary, durmuş ulgamy we ýaşaýyş derejesini görkezmek bolýar.

Her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Aşgabat şäherinde durmuş-medeni maksatly owadan desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny aýratyn bellemek bolar. Akyldaryň hormatyna bina edilen bu ajaýyp ýadygärligiň hem-de medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylmagy paýtagtymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.