BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI

4 Iýun 2024
162

Paýtagtymyzda ýerleşýän Nebit-gaz medeni işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Talyp ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlarda öňe saýlanmagy başaran talyp ýigitleriň 26-syna gatnaşdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasynyň birinji şertine laýyklykda, ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny aýdym-saz, şowhunly tanslar, çeper okaýyşlar bilen taryp etdiler. Döredilýän döwrebap şertlerden netijeli peýdalanyp hem-de bildirilýän belent ynama jogap edip, zehinli ýaşlar bilimlere teşnelik bilen çemeleşýärler we saýlap alan hünärlerini, häzirkizaman tehnologiýalaryny yhlasly öwrenýärler, jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigi bagtyýar talyp ýigitleriň çykyşlarynda aýdyňlygy bilen şöhlelendi. Ýaşlar öz hünärlerine bolan buýsanjyny ýörite taýýarlanan wideoşekiller arkaly hem beýan etdiler.

Welimyrat ÖWEZOW
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.