MUKADDES TUGA TAGZYM

4 Iýun 2024
155

Döwlet nyşanlary her bir ýurduň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Döwlet tugrasy, Döwlet baýdagy, Döwlet senasy bular ýurduň Berkararlygynyň, Garaşsyzlygynyň hem-de halkyň agzybirliginiň nyşanydyr. Türkmen halky hem bu mukaddes döwlet nyşanlaryna hemişe ygrarly bolmak bilen, olary mukaddeslik derejesinde ezizläp, apalap saklaýar. Şolaryň hatarynda mukaddes ýaşyl Baýdagymyzyň aýratyn orny bardyr.

Türkmenler mukaddes Baýdagyny goramagy, oňa tagzym etmegi hemişe ýokary mertebe hasaplapdyrlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň Baýdagy merdana halkymyzyň geçmişini, şu gününi hem-de geljegini özara sazlaşykly şöhlelendirýändigi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň Döwlet Baýdagy şol ösüşleriň nyşany hökmünde belentde parlaýar.

Zyýada ÝUSUBOWA
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.