MERTEBE BELENTLIGI

4 Iýun 2024
217

«Belentlik» diýlende göz öňüňize näme gelýär?! Adamzadyň gudrat görmek isläp, alnyny direýän beýik daglarymy?! Göz ýetirmeg-ä beýlede dursun, göz öňüne getirmek hem çetin bolan Asman bilen Zeminiň aralygymy?! Bu babatda pikirler dürli bolup biler. Emma müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen adamzat paýhasynyň dünýädäki ähli belentliklerden hem beýikdigi bilen ylalaşjaklar kän bolsa gerek. Külli adamzadyň akyl we ruhy belentligi hakynda aýtmaly bolsa, gürrüňsiz, älem ýaly çäksiz, daglar ýaly saldamly edebi mirasy bilen Magtymguly Pyragynyň keşbi ör boýuna galýar. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyrymyzyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň taryhy pursatlaryna şaýat bolan mahalymyz has aýdyň göz ýetirdik.

Külli adamzadyň beýik şahyrynyň Köpetdagyň eteginde howalanyp duran belent heýkeline gözüň düşende gojaman Zemine kök uran ynsan paýhasynyň Arşa-agla – belentlige ulaşýandygy hakyndaky pikir seriňe dolýar. Gör-ä, bu gudraty beýik şahyryň heýkeli bilen gojaman Köpetdag has hem beýgelen ýaly görünýär. Bu ýöne bir heýkel däl-de, asyrlaryň dowamynda «çoh garaşylan ajap eýýama», binýady berkarar döwletimize buýsanç bilen nazar salyp duran şahyryň belent ruhunyň tymsalydyr.

Ýazpolat KERIÝEW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.