Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy

4 Iýun 2024
185

Köpetdagyň eteginde binýat bolup, sebitde ilkinji «akylly» şäher, ýaşlar şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşygynyň iň täze talaplaryny, milli binagärlik ýörelgelerimiziň ajaýyp däplerini özünde utgaşdyrmak bilen, bagtyýar durmuşyň, abadan ýaşaýşyň nusgalyk merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň her biri bu ajaýyp şäheriň sene ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäherine bolan döwletli iş sapary hem möhüm ähmiýeti bilen ösüşiň, rowaçlygyň täze gözýetimlerini alamatlandyrdy.

Gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Bu düşünje täze döwrüň gurmak ýolunyň, häzirki zamanyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän binagärlik sungatynyň aýdyň beýanydyr. Ol ruhy-medeni gymmatlyklarymyz ýaly, beýik döwrüň aýdyň keşbini özünde şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy döwrüň ruhuna kybap derejede durmuşa geçirilýär. Innowasion teklipler, täze garaýyşlar esasynda işlenip düzülen bu maksatnamada göz öňünde tutulan gurluşyk işleriniň ekologik howpsuzlygyna, hil derejesine aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäginde taýýarlanylan taslamalar, meýilleşdirilýän gurluşyk işleri, täze binalar, döwrebap desgalar ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tejribeleri özünde jemleýär. Döwrümiziň buýsanjyna öwrülen Arkadag şäheri täze keşbi, gözel görki bilen nur saçýar. Ol ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini, abadançylygyny, şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň, sagdyn ýaşaýşynyň ýokary derejede üpjün edilýändigini aýdyň şöhlelendirýän aýnadyr.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.