«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

3 Iýun 2024
123

28-nji maýda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä nebitgaz pudagynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow dabarany açmak bilen, ýygnananlary şahyryň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady. «Magtymguly» kitaby Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy.

Leýli AŞYROWA,
«Nebit-gaz».