Bagtyýar çagalygyň bagtly günleri

3 Iýun 2024
167

Aýlar aýlanýar, ýyllar dolanýar. Gyş geçýär, ýaz geçýär, ine-de, tomsuň ilkinji güni — çagalygyň iň bagtyýar çagy. Paýtagtymyzdan, welaýatlardan gelen bagtyýar çagalaryň aglabasy Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Bu ýerde asuda Diýarymyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, ertekilerden janlandyrylan pursatlar, dürli sahna oýunlary körpeler üçin ýatdan çykmajak döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary baýramçylyk ruhunda bezelen awtobuslarda tomusky başdangeçirmelerine tarap ugradylar.Özünde ençe arzuwlary, hyýallary, bagtly pursatlary jemläp barýan awtobus kerweni owadan dag gerişleriniň içi bilen gojaman Köpetdagyň etegindäki çagalar üçin niýetlenen onlarça sagaldyş we dynç alyş merkezlerine geldi. Bu ýerdäki Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezi-de 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň ilkinji tapgyryny garşy aldy. Şol pursatdan bolsa her ýyl çagalaryň uly höwes bilen gelýän ýerine öwrülen «Ýaşlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýatdan çykmajak wakalara beslenen tomusky dynç alyş möwsümi başlandy.

Tebigatyň ynsan bilen sazlaşýan ýerinde ruhubelentlik, bagtyýarlyk duýulýar. Çagalaryň şadyýan gülki seslerinden joşa gelen çeşmejik-de öňkülerinden has-da batly akýana meňzeýär. Erik, ülje, alma baglary hem datly miwelerini çagalara hödürleýän ýaly gollaryny gerşip otyr. Ýaşyl begrese bürenen tebigat, dag howasynyň tämizligi bu ýere gelen her bir adama ýakymly täsir edýär. Şeýle pursatda Gökdere jülgesindäki sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ýörite çagalaryň tomusky dynç alşyny bagtyýar, saglykly geçirmekleri üçin döredilendigine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.

Taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
Suratlary düşüren: Maksat GYLYJOW, «Biznes reklama».