Wagyz-nesihat çäreleri geçirildi

3 Iýun 2024
116

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde hem-de ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy Gurbanmämmet Rejepowyň alyp barmagynda geçirilen maslahatlarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Maksatmyrat Jumaýew, şeýle hem degişli partiýa guramalarynyň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdiler.

Roza RAHIMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär wekili.