Başy arşa uzaýan beýik heýkel

3 Iýun 2024
456

Döredijiligi Jemşidiň jamyna, dünýä poeziýasynyň Elbrusyna, baky saýaly beýik çynara deňelen öz halkyny jan-dilden söýen, «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuw beslän, mähriban milletiniň köňül küýsegini, giň hem tereň göwün güzerini, şirin, bakylyk suwy, ebedilik şuglasy çaýylan beýik, şahyrana türkmen sözi bilen beýan eden, adamzat genisiniň öňe çykaran, şygyrlary kalplaryň dünýä dursa synmajak aýdymlaryna öwrülen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň beýik hem şöhlezar ýerinde uzaklardan seleňläp görünýän heýkeliniň oturdylmagy biziň gadymy hem baý edebi, medeni mirasymyzy dünýä siwilizasiýasynyň akymyna goşan Milli Liderimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, parasatly şahyrynyň ölmez-ýitmez eserlerini hakydasynda göterip, nesilden-nesillere, asyrdan-asyra geçirip, biziň bagtyýar günlerimize getiren mähriban halkymyzyň öz beýik şahyryna bolan guwanjynyň, baky buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň ajaýyp, nurana nyşanydyr.

Şahyryň heýkeliniň degresinde dünýä edebiýatynda özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen öçmejek yz galdyran Alyşir Nowaýy, Ýunus Emre, Saýat Nowa, Şota Rustaweli, Rabindranat Tagor, Grigoriý Skoworoda, Ýanka Kupala, Onore de Balzak, Çingiz Aýtmatow... ýaly jemi ýigrimi dört ýazyjy-şahyryň heýkeliniň bina edilmegi bolsa edebiýat diýlen mukaddesligiň adamlary dostlaşdyrýan, doganlaşdyrýan, ynsanlaryň kalbynda raýdaşlyk, ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýaly päkize duýgulary oýarýan gudratly güýçdügini, adamzat köňülleriniň binýady bakylyga ýar köprüsidigini alamatlandyrýar.

Gurbandurdy ORAZOW,
«Biznes reklama».