Agzybirligiň hem jebisligiň baýramy

31 Maý 2024
272

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde bellenilýän ýene bir baýramy – Bütindünýä welosiped gününi garşylaýar. Bu baýramyň ýurdumyzda aýratyn sarpa-söýgi bilen, ählihalk derejesinde giňden toýlanylmagynyň gözbaşynda, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde Türkmenistanyň öňe süren başlangyjynyň durýandygyny hem buýsanç bilen bellemek bolar.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göteripdi. Şol esasdan, bu halkara senä bagyşlanan çäreleriň her ýylda giň gerimde ýaýbaňlanmagyna döwlet derejesinde uly üns berilýär. Muňa geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda hem aýdyň göz ýetirdik.

«Türkmen sporty».