Aşgabat – Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

31 Maý 2024
169

Dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolan gözel Aşgabadyň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha belende göterilýär. Muňa 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen taryhy Çözgüdiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýýar. GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär.

«Türkmen sporty».