Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

31 Maý 2024
191

Tutuş dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu ajaýyp hakykata Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen sözleri hem aýdyň güwä geçýär.

Häzirki wagtda çagalary goramak baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan başlangyçlardyr maksatlar bilen baýlaşdyrylýar. Her bir çaga döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuklar we azatlyklar berilýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanun Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çagalaryň milletine, jynsyna, diline, dinine, gelip çykyşyna, ýaşaýan ýerine garamazdan deň hukuklydygyny ykrar edýär hem-de döwletiň olaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýändigini belleýär.

Abadan MEREDOWA,
Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynyň barlaghana bölüminiň bölüm müdiri.