Gymmatly gollanma

31 Maý 2024
136

Bilşimiz ýaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.

Halkymyzyň medeniýetini öwrenmekde täze bir sahypa açýan we baý ylmy çeşmeleriň esasynda ýazylan çuňňur mazmunly kitapda örän baý taryhy we beýleki maglumatlar bar. Bu bolsa kitabyň köptaraplylygyndan habar berip, onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň geçmişi, binagärlik ýadygärlikleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitapda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şäherde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler hem öz giňişleýin beýanyny tapýar. Ajaýyp kitabyň ussat suratkeşleriň döreden eserleri, dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa Änewiň geçmişine we şu gününe gaýybana syýahat eden ýaly ýakymly duýgulary peşgeş berýär.