Innowasion ykdysadyýet döwrebap hünärmenlere daýanýar

31 Maý 2024
187

Sanly ykdysadyýete geçiş dünýäniň diňe bir ykdysady ýagdaýyny däl, eýsem, adamlaryň gündelik ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem özgerdýär. Maglumatlary, bilimleri, täzeçil pikirleri we innowasiýalary özünde jemleýän üznüksiz maglumat akymy bu günki sanly eýýamyň özboluşly aýratynlygy bolup öňe çykýar. Sanly ulgama geçmekde esasy serişdeler hökmünde, bir tarapdan, ony durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tehnologiýalardyr ulgamlar, beýleki tarapdan bolsa, bu ugurdan başarnyklary ösen adamlar çykyş edýärler. Şonuň üçin-de häzirki döwürde emele gelýän sanly ykdysadyýetiň we täzeçil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň talaplaryna kybap gelýän hünärmenleri taýýarlamak bu ugurdaky esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy köp babatda döwlet dolandyryş ulgamynyň hünärmenleriniň taýýarlyk derejesine baglydyr. Sanly ykdysadyýetde döwlet düzümlerinde-de, hususy işewürlikde-de dolandyryş işleri adatdakydan düýpgöter tapawutlanýar. Täzeçil pikirleri öňe sürüp, degişli çözgütleri kabul etmekde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kömegi arkaly alnan takyk maglumatlara esaslanýan seljermelerden peýdalanýan kärhanalar üstünlik gazanýarlar. Psihologik durnuklylyk we aň-paýhas işjeňligi, çylşyrymly şertlere hem-de şowsuzlyklara döz gelmek başarnygy-da täzeçil ykdysadyýete geçilende ähmiýeti artýan talaplara degişlidir.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.