Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslarynyň dykgatyna!

29 Maý 2024
219

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hünär işini amala aşyrýan edara görnüşli we şahsy taraplar bilen hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş görnüşiniň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.

Ätiýaçlandyryş obýekti Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen, alyp barýan hünär işini amala aşyrmagy bilen baglanyşykly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine tötänleýin ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak bilen bagly emläk bähbitleri bolup durýar.

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy.