Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi

21 Maý 2024
365

2024-2025-nji okuw ýylynda ýörite sungat mekdebinde okamaga isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 27-nji maýynda we 10-njy iýunynda geçirilýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar sungat mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Şeýle hem ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Arkadag köçesiniň 1-nji jaýy.
Telefon: 33-52-41.