Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «Kamaz 5490» we «Nefaz-93341» (tentli ýarym tirkeg) ulaglarynda ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär

21 Maý 2024
134

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň hyzmatlarynyň üstüni «Kamaz 5490» we «Nefaz-93341» (tentli ýarym tirkeg) ulaglarynda ýük daşamak mümkinçilikleri hem ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa Federasiýasynda 2013-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän «Kamaz 5490» kysymly awtoulagyň agramy 7900 kilogram bolup, ol dürli ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Munuň özi 110 km/sag tizlik bilen hereket edip bilýän ulagyň ýük daşamakdaky mümkinçiliginiň ýokarydyny görkezýär.