«Ýaşyl tuguň pasyrdysy ýüregime owsun berer»

18 Maý 2024
323

Baýdak diňe bir döwlet nyşany däldir, halkyň milli buýsanjydyr. Ata-babalarymyz ar-namysa deňäp, oňa tagzym edipdirler. Baýdagyň belentde parlap durmagy halkyň abraý-mertebesiniň belentligidir, ýurduň abadançylygynyň, beýik ösüşleriniň dabaralanmagydyr. Şonuň üçin hem halkymyz baýdaga «Mertebe tugy» diýýär.

Merdana esgeriň, harby gullukçynyň mukaddes ýaşyl tugumyzy maňlaýa sylyp, watançylyk kasamyny kabul edişini, dünýäniň iri sport ýaryşynda öňe saýlanan türkmen türgenleriniň Döwlet baýdagymyzy Döwlet senasynyň astynda belende galdyrýandygyny synlap, mukaddes watançylyk duýgusy kalbyňa dolýar. Ýüregiňi joşa getirýär, ata ýurduňa, halkyňa bolan söýgiňi has-da artdyrýar. Bir hakykaty buýsanç bilen belläp bolar. Türkmenistanyň Döwlet senasyndaky «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde!» diýen belent ruhly setiri ýadymyza salanymyzda-da, belent buýsanjymyz, Watana bolan söýgimiz göwnümizi has-da joşa getirýär.

Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.