Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

14 Maý 2024
274

I. Umumy düzgünler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini, eziz Watanymyza, ene topragymyza, maşgala mukaddesligine, gözel tebigatymyza bolan söýgini çeperçilik işlerinde beýan edýän ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryna mynasyp baha bermek, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşigi yglan edilýär.