Adam hakyndaky aladanyň aýdyň beýany

8 Maý 2024
207

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda gurmagyň hem döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ajaýyp zamanada gazanýan beýik ösüşleri halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň güwäsi bolup, halk baradaky aladany öz içine alýar. Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwrebap şertleri döretmek döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  diýen ynsanperwer taglymatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär» diýip nygtap geçişi ýaly, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen giň gerimli maksatnamalar bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini şertlendirmek bilen, raýatlary durmuş taýdan ygtybarly goramak boýunça işleriň alnyp barylýandygynyň kepili bolup dabaralanýar. 

Goý, bize ajaýyp döwletli-döwrany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Koçmyrat Ernazarow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.