Zähmet howpsuzlygy berjaý edilýär

8 Maý 2024
211

Ýurdumyzda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda zähmeti goramak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Zähmeti goramak adamyň durmuşynda möhüm orun tutýar. Işiň dogry guralmagy  öndürijiligi ýokarlandyrýar we önümçilik şikesleriniň ähtimallygyny düýpgöter azaldýar. Bu bolsa zähmetiň ykdysady tarapyna gönüden-göni oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ähli pudaklarda zähmetkeşler üçin döwrebap iş şertleri döredilýär. Raýatlaryň zähmet şertleri babatda kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegini, olaryň saglygynyň talabalaýyk goralmagyny gazanmak, iş orunlarynyň guralmagyny gowulandyrmak, zähmetiň kadalaşdyrylmagyny amatlaşdyrmak baradaky aladalar kärdeşler arkalaşyklary birleşmeleriniň hünärmenleriniň alyp barýan işleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iş berijiler we zähmet toparlary bilen geçirilýän düşündiriş we usuly-maslahat çärelerimizde  önümçilik işinde işgärleriň ömrüniň we saglygynyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny nygtaýarys, işgärleriň aýratyn topary hökmünde zenanlar, ýetginjekler, maýyplar üçin ýörite bellenen ýeňillikleri ýatladyp, zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýarys. Raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak işine ýakyndan dahyllydygymyz buýsanjymyzy artdyrýar, ynsan baradaky döwlet derejesindäki aladalara mundan beýlägem goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar.

Annagylyç Abdyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.