Şanly ýyl şowlulyklara beslenýär

8 Maý 2024
240

Hormatly Prezidentimiz halkyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanyp, abadan ýaşaýşyň bähbidine gönükdirilen syýasaty üstünlikli ýöredýär. Şeýle ýokary derejedäki sazlaşyk Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen nusgalyk ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar. Agzybirlik, ruhubelentlik bilen çekilýän zähmet özüniň mynasyp miwelerini-de berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşylan Hökümet mejlisinde aýratyn durup geçdi. Gazanylýan gowy görkezijilerde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň işgärleriniň paýy barha saldamly bolýar.

Şanly ýylyň geçen ýanwar —aprel aýlarynda welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 7168,2 million manada barabar boldy. Bu möhüm görkeziji döwletimize dahylly bölekde 2097,1 million manada ýetdi. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Gazanylan üstünlikde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalarynyň paýlary yzygiderli ýokarlanýar.

Türkmen gündogary.