Dana şahyryň sarpasy

8 Maý 2024
142

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyrda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň ebedi mirasyna goýulýan hormatyň uludygy aýdyň görünýär. Türkmeniň ruhy sütüni bolan Magtymgulynyň çuň mazmuna eýe bolan döredijiligi halkymyzyň kalbynyň owazydyr, her bir ynsan üçin gözellik we ylham çeşmesidir. Şahyryň ebedi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, pikir ummany tapylgasyz hazynadyr. Çeper söz ussadynyň şygyrlary türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljegiň ýoluny salgy berýär. Onuň umman ýaly giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirleri jemlenendir.

Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyzyň öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri her bir türkmeniň kalbyna we aňyna baky ornaşdy» diýip belleýär. Söz sungatyndan köşk gurup, tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrülen dana nusgawy şahyra uly hormat goýulýar. Onuň ajaýyp şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdym bolup dünýä dolýar.

Endap Ylýasowa,
welaýat kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.