Ýüreklere has ýakyn

7 Maý 2024
246

Sabyrsyzlyk bilen garaşýan metbugat neşirlerimiziň biriniň «Türkmen gündogary» gazetidigini guwanç bilen aýdasym gelýär. Gazetde dürli ugurlar boýunça gyzykly we täsirli makalalar, durmuşy maslahatlar berilýär. Welaýatymyzyň durmuşyna degişli dürli habarlar bilen günübirin tanyşmak bolýar.

Dünýäde we ýurdumyzda bolup geçýän wakalar barada gazetiň elektron görnüşi arkaly hem giňişleýin tanşyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşler, oba durmuşy, il-ýurt bähbitli binalaryň we desgalaryň açylyşlary baradaky makalalar berkarar döwletimizdäki rowaçlyklary bize buşlaýar. Biz — bilim işgärleri hem söýgüli gazetimizde häli-şindi çykyş edip bilýäris. Garaşsyzlyk ýyllarynda Amyderýanyň boýunda ýerleşen gadymy Lebabyň obalarynyň we şäherleriniň keşbi bütinleý özgerdi. Obalardyr şäherlerimiz döwrebap desgalar bilen baýlaşdy we owadanlaşdy. Bilim we terbiýeçilik edaralarynyň, sport mekdepleriniň döwrebap binalarynda ruhubelent bilim alýan we terbiýelenilýän çagalara nazaryň düşende hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp döwrüne bolan buýsanjyň has-da artýar.

Iliç HEMRAÝEW,
Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.