KÖÝTENDAG TÄSINLIKLERI

6 Maý 2024
285

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiz  Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy-arheologiki ýadygärlikler bu abraýly halkara guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Türkmenistan — gadymy taryhy ýadygärliklere we tebigatyň täsinliklerine baý mekan. Soňky ýyllarda daşary ýurtly alymlar, tebigaty öwrenijiler, syýahatçylar ýurdumyzda ýerleşýän gadymy galalary, şäherleri, tebigatyň täsinliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekip biläýjek tebigy, taryhy ähmiýetli mesgenler barmak büküp sanardan örän kän.

Arzuw RAHMANOWA
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.