Golaýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Alkyş Size, şöhrat Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň atçylyk pudagynda zähmet çekýän işgärler, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary we işgärleri hem-de bu ugra degişli ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.