Taryhy taryply, toýy tutumly

1 Maý 2024
220

Şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimize goýulýan hormat-sarpanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilendigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň biri-birine ulaşan dabaralarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Şol dabaralara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa bu ählihalk baýramynyň taryha altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň hatarynda mynasyp orun almagyny üpjün etdi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar behişdi bedewlerimize söýgi-buýsanjyň ebedilikdiginiň we egsilmezdiginiň güwäsine öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülen çäreleriň dowamynda hormatly Prezidentimize atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan ajaýyp ahalteke bedewleriniň sowgat berilmegi halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň daşynda berkden-berk jebisleşendiginiň aýdyň kepili bolup dabaralandy.

«Balkan».