Özgertmeler — ösüşlere badalga

1 Maý 2024
205

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz dünýäde ähli ulgamlarda güýçli depginlerde ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirmek ata Watanymyzy pajarlap ösýän ýurda öwürmek esasy maksat bolup durýar. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda adam halkyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň subutnamasy bolup durýar.

«Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerini özlerine ýol-ýörelge edinen ýaşlarymyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine, özgerişlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin bolsa ýaş nesillerimiziň türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

Sähragül Işanowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň umumy bölüminiň esasy hünärmeni.