Galkynyşly Diýara baky şöhrat, şan bedew

1 Maý 2024
680

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna Balkan atçylyk sport toplumynda uludan tutulan dabaralar milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň egsilmezdiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk ýörişi bilen badalga alan toý çäreleri türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine goşan uly goşandynyň anyk mysaly bolan behişdi bedewlerimize bolan hormat-sarpanyň nusgalykdygyny aýdyň görkezdi. Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki ak öýleriň owadan hatary bilen bezelen meýdançada welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen guralan medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Belentden ýaňlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary, üsti şemally bedewlerimiz joşgun bilen wasp edilen aýdym-sazlar, dutar--gyjagyň hoş owazy, milli tanslar, folklor çykyşlary, görkezilen sahnalar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Milli oýunlar hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýerde guralan sergide ýerleşdirilen at esbaplaryny, bezeg şaýlaryny, atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelerini beýan edýän işleri, amaly- -haşam hem-de muzeý gymmatlyklaryny toý çäresine gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan döräp, okyjylaryň söýgüli eserlerine öwrülen ajaýyp kitaplary, ýaş zehinli suratkeşleriň gamyşgulak bedewlerimizi taryplap çeken suratlary, gelin-gyzlaryň gadymdan gelýän ümeçilik däplerinden görkezen parçalary dabaranyň mazmun baýlygyny has-da artdyrdy. Hatara atarylan toý gazanlarynda dürli tagamlaryň taýýarlanyp, toý mähellesine hödür-kerem edilmegi baýramçylyga millilik röwşüni çaýdy.

Nurmämmet Hydyrow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».