Parahatçylyk pederleriň pendidir

1 Maý 2024
479

Parahatçylyk — dünýä halklarynyň, ýurtlaryň arzuwy. Köňülleriň baýdagy. Dünýäniň hoşniýetlilik aýdymy. Türkmen halky owalda-ahyrda parahatçylygyň tarapdary bolupdyr. Biz muňa ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde medeni diplomatiýa, sazyň güýjüne daýanyp, parahatçylygy öňe sürýän sazanda — Şükür bagşynyň mysalynda hem, ata-babalarymyzyň myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Milli gymmatlyklarymyzdan beýik sungaty, asyrlarboýy ýaşaýan ajaýyp eserleri döretmegi başaran merdana halkymyz medeni diplomatiýany — parahatçylyk medeniýetini döretmegiň, dialog arkaly ylalaşyk gazanmagyň hem özboluşly usullaryny, çözgüdini oýlap tapypdyrlar. Muňa ýönekeýje mysal hökmünde ýaraga däl-de, saza daýanyp, saza ýüregini berip, ýeňiş gazanyp, parahatçylyk sungatyny döredip bilen türkmen sazandasy — Şükür bagşyny görkezip bileris. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «...Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir. Bolup geçen bu wakada parahatçylygy döretmek ideýasy sazandanyň keşbinde öz beýanyny tapýar» diýip belleýär.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.