Täzelikler

1 Maý 2024
226

Kerki çörek kärhanasynda çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly çörek we çörek önümlerine islegler barha ýokarlanýar. Kärhanada şu ýylyň ilkinji çärýeginde çörek we çörek önümleriniň 1 müň 375 tonnasy taýýarlanylyp, ilata hödürlenildi. Ýanwar-aprel aýlarynda bu görkeziji 2 müň tonnadan geçdi. Önümçilik meýilnamasyny artygy bilen berjaý edip gelýän çörek öndürijiler geljekde bu görkezijini has-da artdyrmagy maksat edinýärler.