Ruhy göterilişiň belentliklerine tarap

1 Maý 2024
199

Türkmen bedewiniň milli baýramyndan soňky oýlanmalar

Türkmen bedewiniň milli baýramy, her ýylda däp bolşy ýaly, bu gezek hem birnäçe gün öňünden uly dabaralara beslendi. Behişdi bedewlere bagyşlanan çäreler, hususan-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň, sungat işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri, ussat atşynaslara dakylan hormatly atlar, baýramçylyk at çapyşyklary, atçylyk sport çykyşlary... — bularyň ählisi ýurdumyzda ählumumy toý ruhuny emele getirdi. Halkymyzyň milli mirasyna goýýan sarpasy, ahalteke bedewine çuňňur söýgüsi belende göterildi.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».