Usuly okuw maslahat geçirildi

29 Aprel 2024
202

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly okuw maslahat geçirildi. Ony Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi gurady.

Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda raýatlara ilkinji kömegiň berlişi, halas ediş işleri boýunça ildeşlerimiziň düşünjesini ýokarlandyrmak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar boldy. Maslahatyň barşynda raýat goranyşy we halas ediş müdirligi tarapyndan geçirilýän okuw-türgenleşikleriň ähmiýetine hem üns çekilip, tebigy hadysalar we heläkçilikler ýüze çykan halatynda halas ediş işlerini ýokary derejede alyp barmakda şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygy, şoňa görä-de, edara-kärhanalaryň degişli hünärmenleriniň bu ugurdaky işlere işjeň goşulmalydygy barada aýdyldy.

Atajan ÝAŇYÝEW,
Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hünärmeni, uly leýtenant.