Gözelligi bahar-ýaza ýaraşyk

23 Aprel 2024
188

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Düýn Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi.

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlarymyzdan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi. Halkymyz gadymdan bäri ynamdar dosty bolan ahalteke bedewlerini altyndyr kümüş ýaly gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäpdir. Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, köpçülige görkezildi. Bu atlaryň her biri meşhur nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşyna, gözelligine mynasyp baha berdiler.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.