Medeni gymmatlyklarymyza sarpa

22 Aprel 2024
245

Sarahs etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän, il arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur bolan Abulfazl Hasanynyň  kümmetiniň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň gadymyýetimize we taryhy geçmişimize bolan buýsanjyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde, birinji orna 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Agageldi Hümmedow, ikinji orna şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Soltanmyrat Sapalyýew, üçünji orna bolsa 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selim Şöhradow mynasyp boldy.

Sülgün BEGMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň işgäri.