Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

22 Aprel 2024
207

Hor­mat­ly «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri we tä­lim­çi­le­ri!

Si­zi paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­ma­gy­ňyz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da­ky no­bat­da­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň – hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyň halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­myz­da spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, hok­keý bo­ýun­ça tür­gen­le­riň us­sat­ly­gy­ny we tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ma­ga uly go­şant bo­lan­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiSer­dar Berdimuhamedow.