Ga­dy­my şä­he­riň ta­ry­py

19 Aprel 2024
193

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, me­de­ni mi­ra­sy­my­za hor­mat-sar­pa goý­mak, ola­ry dün­ýä ýaý­mak gel­jek­ki ro­waç­lyk­la­ryň öze­ni­dir. Bu ugur­da ägirt uly iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýi­ti ze­hi­nin­den, jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň eli­mi­ze go­wuş­ma­gy aý­dyň su­but­na­ma bol­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da TÜRK­SOÝ bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar giň­den ös­dü­ril­ýär. Me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar. TÜRK­SOÝ-yň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­da öz­bo­luş­ly orun eýe­le­ýän ga­dy­my şä­he­riň dün­ýä ýaň sa­lan şöh­ra­ty­nyň ýa­ňa­dan da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bol­dy.

Gülnara Türkmenowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mu­gal­ly­my.