Dünýäniñ ösüşinde Türkmenistanyñ orny

18 Aprel 2024
506

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.

Ýakynda BMG-den gelip gowşan hoş habar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýagny şu ýylyň 9-njy aprelinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlandy.

Aşyr SAPAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.