Ähli döwürleriň beýik şahsyýeti

17 Aprel 2024
154

Her bir adamyň şahsyýet bolup kemala gelmegi, ilkinji nobatda, onuň maşgaladaky terbiýe mekdebine baglydyr. Nusgalyk maşgalanyň görüm-göreldesinden kalby ganan ynsan jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmaga ukyply bolýar. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem-de onuň şahsyýeti barada gürrüň gozgalanda, şu düşünjeler durmuş hakykaty bolup serimize dolýar.

XVIII asyryň kämil şahsyýeti hökmünde orta çykyp, çuň mazmunly eserleri bilen dünýä edebiýatynda adyny ebedileşdirmegi başaran Magtymguly Pyragy özüniň ilkinji bilimini kakasy Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Öz döwrüniň akyldar şahyry hökmünde uly abraýa, hormat-sarpa eýe bolan Döwletmämmet Azadynyň paýhaslylygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, kitaphonlygy, il-gün bilen ýürekdeşligi Magtymguly Pyragy üçin görelde mekdebi, durmuş ýörelgesi bolupdyr. Dürli medreselerde bilimini artdyran söz ussady kämil şahsyýet bolup kemala gelipdir. Döwrüniň ylymly adamlary bilen dostlaşmagy, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiliginden habarly bolmagy onuň ady ebedi ýaşajak kämil ynsan bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetiripdir.

Röwşen Saryýew,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.