Sungatyň körpe ýyldyzlarynyň bäsleşigi

16 Aprel 2024
289

Şu gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Aýdym-saza höwesli körpe nesliň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşige welaýatymyzdaky orta mekdepleriň zehinli çagalary gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan ýaşajyk sungaty söýüjiler zehinlerini ýüze çykarmak bilen, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgülerini şirin aýdymlarynda beýan etdiler. Çaga ýüreklerinden çykan ajaýyp aýdymlardyr oňa utgaşan şirin sazlar teatryň owadan sahnasyny has-da gözellige, şadyýanlyga besledi. Has dogrusy, bu günki ajaýyp bäsleşik täsirli çykyşlara baý aýdym-saz baýramçylygyna öwrüldi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.