Edep-terbiýe ündeldi

15 Aprel 2024
263

Ýakynda Mary şäher zenanlar bölüminiň guramagynda Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginde, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda, şäherdäki 9-njy orta mekdepde, şeýle hem, şäher häkimliginde wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli däp-dessurlarymyza, enelerimizden miras galan el işlerine söýgi döretmek hem-de zenan mertebesini, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek maksady bilen, geçirilen bu çärelere dürli wezipelerde işleýän gyz-gelinler, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çärelerinde Mary etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, welaýat zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülälek Nuryýewa, Baýramaly şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzasy Akjagül Babakulyýewa, Mary şäher prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist Altyn Babaýewa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy Güljemal Nazarowa, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Beknazarowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler ahlak terbiýesi, maşgalada, köpçülikde özüňi alyp barmagyň edebi, öý-ojagyň mukaddesligi, el işleriniň gymmaty, şeýle hem, ata-babalarymyzyň däp-dessurlary, milli geýinmek medeniýeti dogrusynda durup geçdiler. Aýratynam, orta mekdeplerde zähmet çekýän zenan mugallymlaryň göreldesi, bilim-terbiýe alýan ýokary synp okuwçy gyzlaryň edep-ekramy barada durmuş mysallary arkaly giňişleýin gürrüň edildi.