Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

10 Aprel 2024
187

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady berkidilip, döwrebap kanunlar kabul edilýär. Munuň özi ösüp özgerýän döwrümiziň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde kämil milli kanunçylygyň ähmiýeti uludyr. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşini üpjün edýän kanunlar bolsa hukuk syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurduň kanunçylyk hukuk namalarynyň halkymyzyň asyrlardan dowam edip gelýän demokratik, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanmak bilen, bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýandygyny bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kanunçylyk wezipeleriniň öňde goýlandygyna aýratyn üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlary barada aýtdy. Hususan-da, maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goramagyň we goldamagyň, intellektual eýeçiligi goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Bu ugurda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi we dünýä tejribesine laýyk getirilmegi ýurdumyzyň ygtybarly ösüşini üpjün etmek bilen, uly üstünlikleriň gazanylmagyna, belent sepgitlere ýetilmegine şert döreder.

Hojabibi Arazdurdyýewa,
Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.