Jebelde gurulýan Halkara howa menzili hyzmatyň ýokary hilini üpjün eder

10 Aprel 2024
178

Ulag hyzmatlarynyň üstaşyr hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga beriljek desgalaryň hatarynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili toplumyny hem görkezmegi bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ulagyň bu görnüşinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak işlerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, netijede, ata Watanymyzyň ählumumy ulag-aragatnaşyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar. Şeýle asylly maksada ýetmekde Jebel şäherçesinde gurulýan täze howa menzili möhüm ähmiýetli taslamalaryň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen gurluşygyna girişilen howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolmak bilen, iň kämil aeronawigasiýa düzümleri we tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Döredilýän şeýle mümkinçilikler hem-de menzilde dikuçarlaryň dördüsi, uçarlaryň bolsa altysy üçin duralgalaryň göz öňünde tutulmagy halkara derejeli howa menzilinde dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge şertleri döreder. Şunda hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň esasy orunda durýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi Halkara howa menzilinde ýolagçylary gatnatmakda hem-de ýükleri daşamakda ýerli we daşary ýurt gatnawlaryna halkara hil ülňülere laýyk hyzmat etmäge mümkinçilik berer.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».